Sportuň peýdasy

31 Oktýabr 2024
302

Alym Arkadagymyz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitabynda: «Häzirki zaman lukmançylygynda käbir näsaglyklary bejermekde sportuň hyzmaty uludyr. Esasan hem oňurga näsaglyklarynda beden türgenleşdiriji maşklardan peýdalanylmagy öz netijesini berýär» diýip, parasatly belleýär.

Hakykatdan-da, tejribeleriň görkezişi ýaly, her bir ynsan näçe ýaşandygyna garamazdan, hereketde bolmalydyr. Hereketiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, tigir sürmek, gimnastika, aerobika we maşklar bilen meşgullanmak bedeniň taplanmagyna, adamyň immunitetiniň berkemegine   itergi berýär. Pyýada ýöremek beden we ruhy sagdynlyk üçin iň ýakymly we peýdaly maşkdyr. Pyýada ýöremek üçin tämiz howaly açyk meýdana çykmaly. Islendik hereketi 5 minutlap arkaýyn ýöremekden başlamaly.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.