Nebit-gaza baý mekan

29 Oktýabr 2024
268

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda halkara derejedäki forumlaryň, taryhy ähmiýetli çäreleriň üstünlikli geçirilmegi ulus-ilimiziň buýsançly kalbyny joşa getirýär. Şanly ýylyň 23 — 25-nji oktýabry aralygynda ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahaty we sergisi hem ähmiýetli çäreleriň hatarynda agzalmaga mynasyp. Ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlary barada pikir alyşmakda, özara tejribeleri paýlaşmakda ähmiýetli bolan foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan işewür toparlaryň, köp sanly daşary ýurtly kompaniýalaryň gatnaşmagy diýseň guwandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, olar sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Öwezgeldi BATYROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.