Ýakynda 2009 ― 2010-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa welaýat merkezinden toparlaryň 8-si gatnaşdy. Has takygy, «Altyn ýyldyz» we «Köpetdag — Lebap» toparlarynyň her haýsyndan iki düzüm we «Owaz», «Watan», «Miras» hem-de «Nesil» toparlary birinjilik üçin ýaryşdylar.
Aýlaw görnüşinde geçirilen ýaryşda birinji orny «Altyn ýyldyz» toparynyň birinji düzümi eýeledi. Halmuhammet Gurbanow tarapyndan tälim berilýän futbolçylar duşuşyklaryň aglabasyny uly hasaply ýeňiş bilen tamamladylar. Şawket Allaýarow tarapyndan tälim berilýän «Owaz» toparynyň ikinji orna mynasyp bolan ýaryşynda ilkinji üçlügi «Köpetdag — Lebabyň» birinji düzümi jemledi. Ýeňijilere ýaryşyň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.