Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi

28 Oktýabr 2024
266

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisi geçirildi. Bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýrylmaz bölegidir. Şunda halk seçgiçiliginiň usullarynyň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň peýdalanylmagyna ähmiýet berilýär.

Dünýäniň dürli künjeklerinden ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlar üçin assosiasiýanyň çäginde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralýan forumlara hem-de köp sanly çärelere gatnaşmak, ozaly bilen, şöhratly alabaýlaryň taryhy watanynda bolup görmäge, türkmen hünärmenleri bilen, şol sanda bu täsin tohumyň genofondyny saklamak boýunça tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Alabaýlara aýratyn gadyr goýýanlaryň şeýle duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär, täze bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrýar, itşynaslyk ugrunda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga şert döredýär. Şunuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de beýleki iri guramalar, şol sanda bu ugurda iş alyp barýan daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik talaplar, dünýäniň dürli ýurtlaryndan hususy itşynaslar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.