Türkmenistan — Hytaý: netijeli gatnaşyklary ilerledip

28 Oktýabr 2024
378

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara Gutlagynda: «Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär» diýip belleýär. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan degişli gatnaşyklar hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Beýik Ýüpek ýoly geçmişde Hytaýdan gözbaş alyp, ondan günbatardaky ýurtlaryň köpüsine uzapdyr. Bu ýol adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde we hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde örän uly orun eýeläpdir. Türkmenistan şol ýoluň ýüregi, hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edipdir. Häzirki wagtda bu ýoluň döwrebap görnüşde dikeldilmegi ugrundaky işler Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň utgaşdyrylmagy esasynda alnyp barylýar. Milli Liderimiz bu barada: «Häzirki zaman şertlerinde özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu strategiýany durmuşa geçirmegiň çäginde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär» diýip belleýär. Şol mümkinçilikleriň amala aşyrylyşyny biz 2009-njy ýylyň aýagynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň açylyp ulanmaga berilmeginiň mysalynda-da aýdyň görýäris. Häzirki döwürde bolsa türkmen tebigy gazyny dostlukly ýurda ibermegiň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işlenilýär.

Baýrammyrat ATAMANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory.