Gojaman Köpetdagyň etegindäki tebigatyň ajaýyp künjeginde bina edilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guralan esasy toý dabaralary ýurdumyzda milli gymmatlyklara goýulýan belent sarpany ýene bir ýola äşgär etdi. Toplum ir säherden şowhunly toýhanany ýada saldy. Hatara dikilen türkmeniň ak öýleri, merjen paýtagtymyza we Arkadag şäherine, şeýle-de welaýatlarymyza degişli sergi bölümlerinde görkezilen gymmatlyklar uly toýa özboluşly bezeg berdi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren sahna oýunlary, hoş owazly aýdym-sazlardyr joşgunly tanslar bu tohum itleriň janköýerlerine ruhy lezzet paýlady. Soňra Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Biz dabaranyň gidýän ýerinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşikde ýeňiji bolan Akguş atly alabaýyň eýesi, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Ýanbaş ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy, hususy itşynas Rasul Kerimow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi.