Hoşallyk maslahaty

25 Oktýabr 2024
319

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzda şanly senelere we taryhy wakalara baý boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň çapdan çykmagy mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde saglygy goraýyş edaralarynda ýetilýän beýik sepgitler barada bellenilip geçildi. Professor-mugallymlar täze neşiriň ýurdumyzda giňden bellenilen hünär baýramyna — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat bolandygyny aýdyp, baý mazmunly kitabyň türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň görnüşlerini, olaryň biologik we himiki aýratynlyklaryny özünde jemleýändigi barada giňişleýin durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň düzümine girýän dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenler üçin fiziki ýüklenmelere bedeni uýgunlaşdyrmakdaky we bedeni çalt dikeltmekdäki ähmiýeti barada hem giňişleýin durlup geçildi.

Güljahan ÝALKAPOWA,
TDB we SI-niň sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň uly mugallymy.