Jem­gy­ýe­ti je­bis­leş­dir­ýän güýç

25 Oktýabr 2024
270

Parahatçylygyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy, ýeňişlere ruhlandyrýan güýç. Bularyň ählisi bedenterbiýäniň hem-de sportuň ajaýyp häsiýetlerini görkezmek üçin ulanylýan düşünjelerdir. Her bir adamyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan bedenterbiýe we sport tutuş jemgyýetiň ösüşine-de güýçli täsir edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinen adamlar şahsy kämillige ýetýän bolsa, sporty we bedenterbiýäni jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletiň kuwwaty artýar.

Sportuň jemgyýeti jebisleşdirýän güýçdügine ak mermerli paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul ― Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilen günlerinde, şeýle-de, türgenlerimiziň yklym we dünýä çempionatlaryndan medallar çemeni bilen dolanyp gelen pursatlarynda şaýat bolduk. Şol ýaryşlardaky üstünlikler, ýeňişler her birimiziň kalbymyza buýsanç duýgularyny eçildi.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.