Mertlik mekdebi

25 Oktýabr 2024
383

Geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda Aşgabadyň «Stroitel» futbol topary oýnanda janköýerlerden ýaňa stadionda ýer tapylmazdy. Olar Aşgabat şäheriniň töweregindäki obalardan üýşüp gelerdiler. Men şol wagtlar mekdep okuwçysydym. Kakam hem futbol janköýerleriniň biridi. Futbol toparymyzyň şol ýyllardaky oýunlaryna tomaşa etmek meniň hem nesibämde bar eken. Toparyň düzüminde ussat oýunçylar az däldi. Öňki Soýuzyň 1-nji ligasynda çykyş edýän futbol toparlarynyň arasyndan saýlanyp, biziň toparymyz öz meýdanyndaky duşuşyklarda ýeňiş gazanardy. Ine, şonda märekäniň ör turup, toparymyzyň üstünligini gutlaýşy häzir hem göz öňümden gidenok. Şonuň bilen birlikde, futbol oýnuny radioýaýlymda alyp barýan uruş weterany Işan Garaýewiň şowhunly sesi heniz-henizlerem gulagymda ýaňlanyp dur.

Işan Garaýew 1925-nji ýylyň 28-nji awgustynda gadymy Aşgabat obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Işan doganlary Öwlüýaguly, Pirguly, Pygamberguly, Hydyrguly we Gülsoltan dagy bilen önüp-ösüp kemala gelýär. Ýumşa ýarap ugranyndan, öý we kolhoz hojalygynda ata-enesine ýardam berýär. Obalaryndaky ýediýyllyk mekdebi tamamlap, kolhozçy bolup zähmet çekýär. 1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşy başlanýar. Oba adamlary tapgyr-tapgyr bolup söweşe gidýärler. Olaryň ornuny obanyň aýal-gyzlary bilen Işan ýaly ýetginjek oglanlar tutup, gije-gündiz tylda zähmet çekýärler.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.