22 — 24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda XVI BRICS sammiti geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23-24-nji oktýabrda Kazanda iş saparynda boldy. Döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Watanymyzyň halkara abraýynyň belentdiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk meselelerinde onuň işjeň ornunyň ykrar edilmeginiň nyşanyna öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, BRICS 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde esaslandyryldy. Ilki onuň düzümine Braziliýa Federatiw Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Hindistan Respublikasy we Hytaý Halk Respublikasy girdi. Birleşigiň işiniň esasy maksady işjeň, deňhukukly dialogy, netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr.