Dunaýyň kenarlaryndan «akylly» şähere

24 Oktýabr 2024
260

Arkadag şäherinde geçirilen VI Wena baly iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň medeni durmuşyna, has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny nobatdaky gezek tassyklady. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

200 ýyla golaý taryhy bolan Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň esasy nyşanlarynyň biri bolup, geçen döwürde öz meşhurlygyny ýitirmän, eýsem, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden hem daşary çykyp, dünýäniň dürli ýurtlarynda yzygiderli geçirilýän medeni çärä öwrüldi. Bu döredijilik çäresiniň Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan täsin şäheriň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň türkmen topragynyň, ata-babalarymyzyň şöhratly taryhynyň gözbaş alan gadymy künjekleriniň birinde gurlandygy hem bellenilmäge mynasypdyr.