Parlament diplomatiýasyny ilerledip

24 Oktýabr 2024
252

14-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.

«Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisde çykyş edenler Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda parlament gatnaşyklaryny berkitmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde häzirki wagtda halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, has-da ösdürilýär. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleler bilen bir hatarda, parlamentara dialog hem ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, özara gatnaşyklary giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunda parlamentara dostluk toparlaryna uly orun degişlidir. Olaryň işi doganlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýar.