Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

23 Oktýabr 2024
322

«Akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň binýat eden kämil binagärlik eseridir. Bu şäher «Geljegiň şäheri», «Bilimler şäheri», «Ýaşlaryň şäheri» ýaly atlar bilen atlandyrylýar. Olaryň ählisi-de tüýs jüpüne düşen atlardyr.

Sebitde iň iri şähergurluşyk taslamalarynyň biri bolan Arkadag şäheriniň ilkinji tapgyrynda binalardyr desgalaryň 336-sy, şol sanda ähli amatlylyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, hassahanalar, mekdeplerdir çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalar gurlup, ulanylmaga berildi. Bu ajaýyp şäheriň ýene-de bir aýratynlygy gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sungat ojaklaryna halkymyzyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagydyr.

Aýsanam ABSAMATOWA,
Köýtendag etrabyndaky 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.