Türkmenistanly alpinistler Gimalaý dagynyň Manaslu gerşinde ýurdumyzyň döwlet baýdagyny dikdiler

20 Oktýabr 2024
338

Türkmenistandan baran alpinistler topary dünýäniň sekizinji beýik dagy diýlip hasaplanýan Gimalaý dagyndaky Manaslu (8163 m) gerşine üstünlikli çykmagyň hötdesinden geldiler. Dagyň gerşinde ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet baýdagy dikildi. Belentlige çykmak Nepal döwleti tarapyndan «Morinžgeologiýa» hyzmat ediş kärhanalar toparynyň Dolandyryş geňeşiniň başlygynyň orunbasary Arno Ter-Sankowyň ýolbaşçylygynda guraldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berdi.

Ekspedisiýanyň düzümine Türkmenistandan tejribeli alpinistler, şeýle hem Latwiýanyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň ählisi Ewerest (8 848 m), K2 (8 611 m), Akonkagua (6 962 m), Ama-Dablam (6 814 m), Kilimanjaro (5 895 m), Ararat (5 165 m), Monblan (4 810 m) hem-de Matterhorn (4 478 m) ýaly uly belentliklere çykmakda ýokary tejribä eýedirler. Bu belentlikleriň ählisinde hem Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň dikilendigi bellenmäge mynasypdyr.

Taýýarlan: Gyzylgül ANNAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.