Türkmenistan — dünýäniň kalby

19 Oktýabr 2024
333

11-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Ýokary derejede geçen abraýly foruma dostlukly döwletleriň Prezidentleri, şeýle hem iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy. Dünýä derejeli we gerimli syýasy abraý hem goldaw tapýan döwletimizde geçirilen bu halkara forumyň Magtymguly Pyragynyň ady, abraýy we filosofik pikirleri bilen baglanyşykly bolmagy has-da ähmiýetlidir. Şeýlelikde, Türkmenistan Ýer togalagynyň syýasy, habar, medeni, edebi, pikir merkezi boldy. Günler boýy külli adamzadyň ünsi Watanymyzda jemlendi. Günler boýy uly we kiçi, ýaş-u-garry, zenan hem erkek, günbatarly ýa gündogarly — her bir ynsan üçin Gahryman Arkadagly we Gahryman Serdarly Türkmenistan dünýäniň kalby diýlip kabul edildi. Ähli dünýä ýurtlarynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we gündelik neşirleriň merkezi, esasy, baş temalary Garaşsyz Türkmenistan, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ruhy, pikir we syýasy ýörelgeleri hakynda boldy.

Günler içinde adamzat türkmençe sözledi, türkmençe pikirlendi we türkmençe ýaşady. Dünýä Magtymguly Pyragynyň düşünje hem paýhas dilinde sözledi. Adamzat türkmen akyldarynyň pikirleri bilen pikirlendi. Halklar türkmen kalbynyň duýgulary bilen ýaşady.

Amannepes ŞYHNEPESOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.