Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sergi binasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde türki döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň duşuşygy, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynda» atly maslahat geçirildi. Myhmanlar bu ýerde kitap-neşir önümleri bilen hem tanyşdylar. Maslahatyň dowamynda pähim-paýhasa ýugrulan şahyrana döredijiligi bilen edebiýat äleminde parlak ýyldyz bolup lowurdaýan akyldara türki dünýäde uly sarpa goýulýandygy aýratyn nygtaldy.
— Bereketli güýz paslynyň nurana günlerinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde türki döwletleriň ýazyjy-şahyrlary bolup türkmen topragynda myhmançylykda bolýarys. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak, şanly ýylda ussadyň ata Watanyna gelip, çeper sözüň, edebiýatyň baýramynda şygyr okamak biziň üçin uly mertebe — diýip, TÜRKSOÝ-nyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygy Ulugbek Esdaulet gürrüň berýär: — Döredijilik ussatlygy bilen döwürleri, medeniýetleri baglanyşdyrýan akyldar şahyryň edebi mirasy türki alymlar tarapyndan ylmy esasda giňişleýin öwrenilýär. Döwedine Hak kelamy guýlan beýik şahyryň şygyrlary halklaryň hakydasynda öçmejek şamçyraga öwrüldi. Onuň dürdäne eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, eserler ýygyndylarynyň türki dillerde hem yzygiderli neşir edilmegi edebi dostlugyň nyşanydyr. Golaýda Magtymguly Pyragynyň özbek, gyrgyz, ermeni dillerindäki goşgular ýygyndylarynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.