Welaýatymyzda bilim işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmekleri, özara tejribe alyşmaklary barada uly tagallalar edilýär. Welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde «Matematika sapaklarynda okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek, ýatdan hasaplamak endiklerini ösdürmekligiň usulyýetini kämilleşdirmek» diýen mowzukda geçirilen usuly-amaly maslahat hem oňa gatnaşyjylar üçin diýseň ähmiýetli boldy. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmakda öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly guralan maslahata Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, şäherimizdäki orta mekdepleriň mugallymlary, hünär tejribeligini geçýän talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar günüň birinji ýarymynda mekdebiň mugallymlarynyň matematika dersinden guran göreldeli okuw sapaklaryna gatnaşdylar. Hususan-da, mugallymlar Gülruh Babaýewanyň, Sadap Döwletowanyň, Gülşat Kulyýewanyň öz okadýan synplarynda matematika dersinden geçiren göreldeli okuw sapaklary diýseň täsirli boldy. Olar okuwçylaryň geçilýän mowzuk boýunça bilim-düşünjelerini baýlaşdyrmak üçin okuw-görkezme esbaplaryndan, sanly ulgamdan, tehniki serişdelerden ýerlikli peýdalandylar. Göreldeli okuw sapaklara gatnaşyjylar soňra öňde durýan derwaýys wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça özara pikir alyşdylar.