Brifing geçirildi

18 Oktýabr 2024
313

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, akyldar şahyryň hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýän döredijiligine bütin dünýäde uly sarpa goýulýar. Onuň eserleri jebisleşdiriji güýç bolup çykyş edýär. Söz ussadynyň eserleriniň daşary ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edilmegi muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Köp sanly daşary ýurt alymlary şahyryň döredijiligine bagyşlap, ylmy işleri ýazdylar hem-de onuň edebi mirasyny dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşdular. Bu gün Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýäniň halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň ilçisine öwrüldi. Dana Pyragynyň döredijiligi adamkärçiligiň we ahlak päkliginiň nyşany bolup durýar. Şahyr öz goşgularynda watansöýüjilige, ynsanperwerlige çagyrypdyr. Beýik akyldaryň bu taglymlary häzirki nesiller üçin gymmatly miras bolmak bilen, onuň döredijiligi döwürleriň we siwilizasiýalaryň arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.

«Watan».