Koreý dili boýunça bäsleşik

18 Oktýabr 2024
367

Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň barha işjeňleşmegi dünýä dilleri boýunça kämil hünärmenleriň taýýarlanmagyna bolan talaby has-da güýçlendirýär. Döwrüň bu möhüm talabyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetleriniň meselelerini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Umumy bilim berýän mekdeplerde daşary ýurt dilleriniň birnäçesi boýunça okuw sapaklary geçilýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda koreý dilini öwrenmäge-de uly üns berilýär. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde okaýan okuwçylar hem indi bäş ýyldan bäri koreý dilini öwrenýärler. Olar koreý dili boýunça geçilýän sapaklardan daşgary her ýylda bu dil bilen baglanyşykly guralýan bäsleşiklere-de işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler.

Düýn bu mekdepde şeýle çäreleriň biri guralyp, ol diýseň täsirli geçdi. Oňa Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýutek hem-de ilçihananyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda 8 — 10-njy synp mekdep okuwçylarynyň arasynda «Koreý diliniň suhangöýlük sungaty» atly tema boýunça düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi. Olar «Koreý dili we meniň arzuwym» ady bilen ýazan düzmelerini eminleriň öňünde aýdyp berdiler. Bäsleşigiň dowamynda höwesjeň okuwçylaryň taýýarlamagynda aýdym-sazly, tansly we sahna oýunly çykyşlara-da uly orun berildi.

Gyzylgül AMANLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby. Surata düşüren Ahmet TÜRŞEKOW.