«Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk

17 Oktýabr 2024
263

Änew, 16-njy oktýabr (TDH). Şu gün Milli «Ak bugdaý» muzeýinde meşhur alymlar, arheologlar, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýeleri Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen foruma türkmen we rus alymlary gatnaşdylar. Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary oňa sanly ulgam arkaly goşuldylar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda rus arheologlarynyň Watanymyzyň taryhyny öwrenmekdäki goşantlaryna ýokary baha berilýär. Akademikler Wadim Masson we Wiktor Sarianidi dürli ýyllarda Magtymguly adyndaky halkara baýrak, beýleki döwlet sylaglary bilen sylaglandylar. Olaryň eserleri ýurdumyzda köpçülikleýin neşir edildi, açyşlary bolsa gadymy dünýäniň taryhy baradaky mekdep kitaplaryna girizildi. Masson we Sarianidi hakyndaky maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň eserlerinde-de öz beýanyny tapdy.