Paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen bilelikde çäre guraldy. Türkmenistanyň Milli bilim institutynda tebigy we takyk dersler boýunça guralan usuly-amaly maslahatyň çäklerinde geçirilen bu çärede, ilki bilen, şu mekdebiň okuwçylary üç dilde — türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde çykyş etdiler, soňra taryhy şahsyýetleriň keşplerini sahnalaşdyryp görkezdiler, mugallymlaryň hem-de okuwçylaryň dersler boýunça döredijilik sergileri, gülçi-bagbançylyk, nahal oturtmak hünär öwrediş dersi boýunça gül sergisi hem guraldy. Mundan başga-da, fizika dersi boýunça tejribe geçirdiler. Soňra dersler boýunça mugallymlaryň görelde sapaklary guraldy.
–Mekdebimiziň mugallymlarynyň dürli dersler boýunça interaktiw tagtada prezentasiýa çykyşlary guraldy. Sapaklara gatnaşan welaýatlardan hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinden gelen mugallymlar guralan sapaklara seljerme berdiler. Çäräniň esasy maksady özara pikir alyşmakdan, birek-birege usuly kömek bermekden ybarat. Öňdebaryjy mugallymlar bilen işe täze gelen ýaş mugallymlaryň halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek, ýaşlary kämilleşdirmek, halypalaryň iş tejribelerini ýaýratmak esasy wezipämiz bolup durýar. Mekdep okuwçylaryna döwrebap, durnukly bilim we terbiýe bermek mugallymlaryň öňünde durýan wajyp işleriň biridir – diýip, mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Gülşat Artykowa gürrüň berdi.