11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy wakalarynyň biri boldy. Birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary wekilçilikli forum dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi.
Iri halkara habarlar agentlikleri, maglumat-seljeriş portallary, teleýaýlymlar we köp sanly internet saýtlary, şol sanda Russiýanyň «ТАСС» we «PИA Новости», «Россия 24», Türkiýäniň «Anadolu Ajansi» habarlar agentlikleri, Hytaýyň «CGTN» halkara habarlar teleýaýlymy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Eýranyň, Ermenistanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu forumy hem-de onuň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklary öz sahypalarynda şöhlelendirdiler. «Сentralasia.news» internet neşirinde ýerleşdirilen habarda forumyň işiniň akyldar şahyryň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek ýaly maksatlara gönükdirilendigi aýdylýar.