Şu günüň aladasy — ertiriň eşreti

16 Oktýabr 2024
319

Nesil terbiýesi barada gürrüň edilende bir hakykaty unutmaly däldiris. Dogrusy, döwletimiz biz, mugallymlara ýaş nesle bilim-terbiýe bermegi ynanmak bilen ertirimiziň abadan bolmagyny ynanýar. Bu, elbetde, ýeňil bolmadyk, tutanýerli zähmeti talap edýän wezipe. Garaşsyz, Bitarap döwletimizde ýaş nesil hakynda badalga berilýän giň möçberli işler wajyp wezipäniň oňyn çözgüdinde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleriniň ýokarlanyp, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.

Borç duýgusyndan ugur alyp zähmet çekmek işiň netijeliliginiň ýokary bolmagyna ýardam edýär. Men bu hakykata iş tejribämde dolulygyna göz ýetirdim. Onsoňam, okuwçylaryň geçilýänleri ymykly özleşdirmekleri mugallymyň ukyp-başarnygyndan yhlasyndan gözbaş alýar. Okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryny gazanmagam, okuw-görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanmagam gowy netijelerini berýär. Sapak geçenimde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada okuwçylaryň köp zatlary bilmeklerine çalyşýaryn. Şahyryň şygyrlaryndan okap berip, olaryň many-mazmunyny ýatda galarlykly düşündirýärin. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny labyzly okamakda geçirilýän bäsleşikler hem okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär. Dana şahyrymyzyň şygyrlary bolsa, ýaş nesil üçin terbiýe mekdebidir. Terbiýe babatda mugallymyň şahsy göreldesem örän derwaýysdyr. Onsoňam, mugallymyň şu günki zähmeti datly miwesini birnäçe ýyldan soň berýär. Munuň özi yzygiderli we tutanýerli zähmeti talap edýär. Biz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzy döredijilikli zähmetimiz bilen şöhratlandyrmagy maksat edinýäris.