Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň edermen babadaýhanlary ýylyň-ýylyna aralyk ekinleriň dürli görnüşlerini ekip, ýokary hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ýerde onlarça gektar meýdana şaly, mekgejöwen, dary, gawun-garpyz, mäş, noýba, ýeralma ýaly ekinler ekildi. Şu wagta çenli olaryň birnäçe görnüşiniň hasyly ýygnalyp alyndy.
Ýakynda biz bu ýerde bolup, aralyk ekinleriň ýygnalyşy, olara edilýän ideg işleri bilen gyzyklanyp, hojalygyň ekin meýdanlaryna aýlandyk. Ýolbeledimiz— Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Rahmanberdi Öwezow bizi hojalygyň Kömekmyrat Goçow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 11-nji kärendeçiler toparynyň ekin meýdanlaryna alyp geldi. Bu ýerdäki atyzlaryň köpüsine aralyk ekinler ekilipdir. Olaryň käbiri ýygnalyp, yzyna ekilen bugdaýlar gök öwsüp başlapdyr.