Kitap — bilimiň hem bagtyň çyragy

16 Oktýabr 2024
359

Kitaba söýgi hem sarpa türkmen halkynyň durmuş ýörelgesinde we nesil terbiýesinde uly orun alýar. Çünki kitap okaýan adamyň aňy bilim-düşünjeden, ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden pürepür dolup, onuň paýhas kämilligi, dil we duýgy baýlygy artýar. Bu hakykat akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen jümlesinde hem aýdyň beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly nusgalyk eseriniň «Terbiýäniň çeşmesi — kitap» atly bölüminde halkymyzyň we tutuş ynsanyýetiň uzak taryhynyň dowamynda kitabyň hakyky mukaddeslige barabar ruhy-medeni nygmata öwrülendigi şeýle beýan edilýär: «Ata-babalarymyz kitabyň üstünden ätlemegi gaty ýokuş görüpdirler, hut şonuň üçinem «Gatlak-gatlak gatlama, gatlamadan ätleme» diýip, onuň mukaddesligini çörege barabar edipdirler. Kitap — içi maglumatlardan doly bilim sandygy, akyl jamy... Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär».

Sähragül GODANOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.