Beýikleriň has beýgelýän eýýamy

12 Oktýabr 2024
341

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden dünýä ýaýmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, 11-nji oktýabrda Aşgabatda wekilçilikli halkara forum geçirildi. Beýik türkmen akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli bu maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň hem-de wekiliýetleriň gatnaşyp, Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak şahyrana mirasynyň ägirt uly medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklar hökmünde her bir ynsanyň ruhy dünýäsinde, hakydasynda baky orun alandygyny, köptaraply döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini bellemekleri il-ulsumyzyň kalbyny egsilmez buýsanja besledi.

Türkmen halkynyň öz beýik şahsyýetlerine çäksiz hormat-sarpa goýýandygyna, olaryň at-abraýynyň dünýä içre has-da beýgelmegi üçin ähli tagallalary edýändigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda akyldar şahyrymyzyň hormatyna geçirilýän giň gerimli dabaralaryň, söz ussady bilen baglanyşykly buýsançly hem şanly wakalaryň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly Pyragynyň päk ahlaklylyk, edep-terbiýe, watansöýüjilik, gözelligi wasp etmek, berkarar döwlet baradaky ynsan aňyna we ýüregine ornaýan gymmatly ündewleri biziň döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Bularyň ählisi iň asylly adamzat däplerine daýanýan ynsanperwer gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam edýär» diýen sözleri hem-de Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda onuň ähli arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin beýik işlere badalga beren Milli Liderimiziň söz ussadyna goýýan belent hormat-sarpasyndan gözbaş alýan şanly wakalar bu gün her birimiziň kalbymyzy egsilmez buýsanja besleýär.

Çaryýar KERIMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.