Gymmatly eseriň täze jildi

12 Oktýabr 2024
307

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze — XVI jildiniň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda gymmatly eseriň täze jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-ensiklopedik işiniň Watanymyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri barada gymmatly maglumatlary berýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu düýpli ylmy işiň esasynda Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesiniň jemlenmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

«Türkmen sporty».