Küşt ähli ýaşdaky adamlara niýetlenen iň gadymy we lezzetli oýunlaryň biri hasaplanýar. Bu oýnuň aýratynlygy onuň oýnalyşynyň düzgünlerinde aýan bolýar. Bu ugurda ilkinji ädimler şol düzgünleri özleşdirmekden başlanýar. Aslynda, çagalaryň ýadyny, ünsüni ösdürýän ýat tutmak, diňlemek, gaýtalamak ýaly endikler kämilleşdirileninden soň küşte başlamak maslahat berilýär. Mundan başga-da, çagalar daşary ýurt dillerini özleşdirmek arkaly hem öz intellektual derejelerini ýokarlandyryp, bu gadymy oýna höweslenip bilýärler. Häzirki wagtda dünýäniň belli ýaş küştçüleriniň terjimehaly bilen gyzyklansaň, olaryň ilkibada dürli daşary ýurt dillerini öwrenendiklerini we logiki oýunlary oýnap kämilleşendiklerini görmek bolýar.
Küşt Diýarymyzda sportuň iň ösen görnüşleriniň biri bolup, ol ir döwürlerden bäri halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Küşt oýnamak ýurdumyzda geçen asyryň başlarynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar, halkyň milli medeniýetiniň bir bölegine öwrülýär. Ol çagalarda sporta bolan söýgi bilen bilelikde, ylym-bilime bolan gyzyklanmanyň ösmegini üpjün edýär. Bu oýun çagalaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegine itergi berip, olarda gözellik, akyl hem zähmet terbiýesini bir-biri bilen baglanyşyklylykda kämilleşdirýär.