Zenanlar guramasynda

10 Oktýabr 2024
402

Hünär bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň «Zenanlarymyzyň zähmetiniň miweleri eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinde öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan beýik işlerimize gelin-gyzlarymyzyň mynasyp goşant goşýandyklary üçin men olara minnetdarlyk bildirýärin» diýen belent ynamyny ödemek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabarlandyrmak maksady bilen, halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasynyň iň görnükli nusgasy bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň golaýda Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.