Dünýä edebiýatynyň ägirtlerine sarpa

10 Oktýabr 2024
537

Merjen şäherimiz Aşgabadyň keşbinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini görýäris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde bellenilip geçilýär. Parahatçylygyň we dost-doganlygyň ýolundan ýagty geljege tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyz sarpalanyp, dünýä halklarynyň medeniýetine uly hormat goýulýar. Şu gün – 10-njy oktýabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde dostlugyň nyşany bolan, häzirki zaman gadymy we köp žanrly gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşyp, taryhy söz sözlediler. Gahryman Arkadagymyz, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, şeýle-de dabara gatnaşyjylar we myhmanlar soňra gazak halkynyň beýik oglunyň heýkeline ter gül desselerini goýdular. Iki doganlyk ýurduň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary açylyş dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

«Zenan kalby».