Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdepde «Ýurt abadan — il bagtyýar» ady bilen bäsleşik geçirildi. Welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýangyn howpsuzlygy bilen baglanyşykly geçirilen wagyz-ündew ediji bäsleşik uly gyzyklanma döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn ruhly, geljekki durmuşa taýýar, düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky talaplaryny durmuşa geçirmek, şeýle-de orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek, olaryň ýangyn howpuna garşy raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmak bäsleşigiň esasy maksady boldy. Onda özara bäsleşen mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanyş ýagdaýy, olar babatdaky bilimlerini, ussatlyklaryny aýan etdiler.