Kuwwatly desga ulanmaga berildi

10 Oktýabr 2024
421

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-njy oktýabrynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Glisirrizin turşusyny öndürýän derman kärhanasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Kärhanada buýan kökünden ýylda 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürmek meýilleşdirilýär. Şeýle kuwwatly desganyň açylmagy welaýatyň ýaşaýjylaryny diýseň begendirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgä esaslanýan parahatsöýüjilikli döwlet syýasatynyň dabaralanmagy netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz rowaçly ösüşleri bilen dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty yzygiderli artyp, halkara abraý-mertebesi barha pugtalanýar. Mähriban halkymyzyň abadan durmuşy bereket bolçulygyna beslenýär. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy üçin irginsiz aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Näzik ŞIRIÝEWA,
TKA-nyň Lebap welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.