Eşretli durmuşyň höziri

10 Oktýabr 2024
312

Düýn, 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş işgärlerine täze şäheriň ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýyndan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ol hünär baýramçylygynyň öňüsyrasynda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin ajaýyp toý sowgady boldy.

Dürli şarlar, köpöwüşginli, owadan toý baglary bilen bezelen ýaşaýyş jaýynyň öňündäki meýdança Arkadag şäheriniň häkimliginiň we beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary, myhmanlary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.