Sergä gatnaşyjylara söz berýäris:

9 Oktýabr 2024
381

Ataç Jansewer,
«Illuminia» kompaniýasynyň Türkiýe we Orta Aziýa boýunça müdiri:

— Sagdynlygyň ýurduna öwrülen Türkmenistanda bu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Ajaýyp baýramçylyk gününde Türkmenistana gelmäge döredilen mümkinçilik üçin örän şat. Türkmenistanyň arassa, jana ýakymly howasy, gözel tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bu toprakda ýetişýän saglyk üçin peýdaly ösümlikler barada gyzykly maglumatlar berilýär. Köp jiltli kitap lukmanlaryň ýan kitabyna öwrüldi. Şu ajaýyp pursatlarda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Taýýarlan Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.