Ýyllar ýyllardan görk alyp, Garaşsyzlyk eýýamynyň täze taryhy şatlykly wakalar bilen barha baýlaşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimizde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy giňden bellenildi. Bu şanly toýuň öňýanynda, ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Toý-baýramly Diýarymyzyň dürli pudagynda tapawutlanyp işleýän raýatlaryň ençemesine döwlet sylaglary gowşuryldy, hormatly atlar dakyldy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerine Şa serpaýlary ýapyldy. Biz hem Şa serpaýlaryna mynasyp bolan ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny žurnalymyzyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.
Annajemal NURMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy: