Garaşsyzlygyny gazananyna 33 ýyl dolan Türkmenistan Watanymyz şol ýyllaryň dowamynda ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi. Häzirki ajaýyp zamanamyzda bu ösüşleriň has-da ilerleýändigi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň täze belentliklere göterilýändigi guwandyryjydyr.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, täze taryhy eýýamyň ilkinji günlerinden «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» badalga berilmegi bilen, ägirt uly ösüş-özgertmeler tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu ösüş-özgertmeleriň, taryhy tutumlaryň döwrebap derejede, täze üstünlikler bilen dowamat-dowam bolýandygyny nygtamak bolsa aýratyn ýakymlydyr.