Ätiýaçlandyryş işiniň kämilleşmegi ykdysady ösüşiň kepilidir

9 Oktýabr 2024
426

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde amala aşyrylýan özgertmeler ätiýaçlandyryş ulgamynyň kämilleşmegi üçin möhüm şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ätiýaçlandyryş babatda maliýe gatnaşyklaryndaky döwletiň, fiziki we ýuridiki taraplaryň bähbitlerini goramagyň netijeli guraly hökmünde milli ätiýaçlandyryş ulgamynyň orny pugtalanýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem ätiýaçlandyryş guramalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek üçin ätiýaçlandyryşyň täze meýletin görnüşleriniň kadalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda wezipeler kesgitlenendir. Ýurdumyzda fiziki we ýuridiki taraplary ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, ätiýaçlandyryşyň täze görnüşleri işlenip düzülýär. «Hususy notariusyň hünär jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary» munuň subutnamasydyr.

Ilgeldi ORAZGULYÝEW,
welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş amallary we ykdysady seljeriş bölüminiň başlygy.