Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, durmuşa geçirilýän oňyn özgertmelerdir döwletli tutumlar dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary goldawyna we bahasyna mynasyp bolup, halkymyzyň guwanç hem buýsanç duýgularyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimize, eziz Watanymyza, ajaýyp zamanamyza raýatlaryň söýgi-buýsanjynyň çäksizdigine geçirilýän dürli çärelerde has-da aýdyňlygy bilen göz ýetirmek bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylýan guwandyryjy netijeler, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu taryhy döwürde ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, milli ykdysadyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösdürilmegine hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli maksatnamada ýurdumyzy ähli taraplaýyn ösdürmegiň strategik ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, obalaryň we şäherçeleriň ýaşaýjylarynyň durmuş şertlerini kämilleşdirmek, raýatlaryň maddy üpjünçiligini berkitmek we döwrebaplaşdyrmak ýaly wajyp meseleler Maksatnamada öz beýanyny tapdy.
Halkymyz üçin şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän işleri hemişe rowaç alsyn!