Ýaşlar syýasaty rowaç alýar

9 Oktýabr 2024
358

Döwrüň bagtyýar nesilleri

Ýaşlar hakynda gürrüň edilende, ilki bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen aýtmak isleýäris. Türkmenistanyň ýaşlar syýasatynyň ata-babalaryň asylly ýörelgelerine hem-de häzirki zaman jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýaşlar syýasaty bolsa ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydyr.