Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän toplumlaýyn harby özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň goşun görnüşlerinde gulluk edýän serkerdeleriň, çagyryş boýunça esgerleriň gulluk we ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Ýaragly Güýçleriň düzümleri döwrebap tehnikalar, ýaraglar bilen üpjün edilip, olaryň işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi iň täze harby tehnikalara ezberlik bilen erk edip, nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezmek bilen, döwletimiz tarapyndan edilýän yzygiderli aladalara mynasyp jogap berýärler. Olar öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinde, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady, harby-strategik esaslaryny kesgitleýän goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň hukuk ýagdaýyndan, maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alýarlar.
Munuň şeýledigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş aýdyň subutnama boldy. Dabara meýdançasyndan başlaryny belent tutup geçip barýan ýurt goragçylaryny synlanyňda, Watanyň goragynyň ynamly ellerdedigine berk ynanýarsyň. Olaryň bir adam ýaly ýerine ýetirýän ykjam hereketleri harby gullukçylaryň agzybirliginden, batyrlygyndan, gujur-gaýratlylygydyr edermenliginden habar berýär.