Gahryman Arkadagymyzyň döwlet we döwletlilik baradaky beýik taglymaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde düýpli özgerişliklere, rowaç tutumlara we sanly ösüşlere beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň, ýetilen belent sepgitleriň buýsançly beýany bolmak bilen, Berkarar Diýarymyzyň mundan buýanky ösüşleriniň anyk ýoluny kesgitlän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň iň uly syýasy-jemgyýetçilik wakasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösüşlerini üpjün edýän, ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň artmagyny, ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanmagyny, şonuň bilen birlikde hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň taryhy maslahatda eden çykyşynda: «Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär» diýip bellemegi döwletimizde amala aşyrylýan ähli işleriň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýörelgäniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilendigi, onuň bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýändigi barada çykyşynyň dowamynda nygtap geçmegi ýurdumyzda ykdysady hem-de medeni-durmuş ugurlary boýunça işleriň sazlaşykly alnyp barylýandygynyň görkezijisidir.