Garaşsyzlyk ýyllary içinde bilimde we ylymda edilen işleri göz öňüňe getirip, halypalaryň ençemesini ýatlaýarsyň. Çünki Garaşsyzlygyň gazanylmagy, özbaşdaklyga ýetilmegi halkymyz üçin buýsançly wakalardyr. Taryha altyn harplar bilen ýazylan Garaşsyzlygyň düýp manysyny düşündirmekde halypalaryň hyzmatlary uludyr.
Belli şahsyýetleriň ömri we döredijiligini öwrenip, makala ýazanyňda bar bolan maglumatlaryň birini-ikisini esasy tutarygyň edinýärsiň. Bu gezegem şeýle boldy: Garaşsyzlyk ýaly beýik bagty ene dilimiziň üsti bilen wagyz eden, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent, Türkmenistanyň ussat mugallymy, ýaşan ömründe ençeme dilçi, edebiýatçy şägirtleri ýetişdiren Haýdar Muhyýew barada makala ýazmak üçin toplan maglumatlarymyň içinden bir wideoýazgyny esas edindim. Ol wideoýazgy söhbetdeşlik bolup, 2005-nji ýylyň 11-nji noýabrynda ýazga geçirilipdir. Ýurdumyzyň Merkezi arhiwi üçin ýazgy edilen şol söhbetdeşligi žurnalist Hojamyrat Goçmyradow alyp barypdyr. Şol söhbetdeşlikde Haýdar mugallym öz ömri we döredijiligi bilen birlikde, dil ylmy hem mugallymçylyk babatda gymmatly pikirlerini-de aýdyp, tanymal şahsyýetler bilen bagly durmuş pursatlaryny ýatlapdyr. Häzirki wagtda bir nusgasy dilçi alymyň maşgala arhiwinde saklanylýan şol ýazgyda dilimiziň taryhyny öwrenmekde gymmatly maglumatlar bar. Şol söhbetdeşlik ýazgysyny esas edinmegimiňem öz sebäbi bar: söhbetdeşleriň ikisi-de mugallymymdy, biri dil ylmyndan, beýlekisi žurnalistika hünärinden sapak beripdiler.