Garaşsyzlyk — baky bagtymyz

22 Sentýabr 2024
658

Häzirki ajaýyp günlerimizde beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Şeýle toýly günlerde ýurdumyzyň dürli künjeginde dabaralar, täze binalaryň gurlup ulanmaga berilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şeýle ähmiýetli binalar ýurdumyzyň ähli künjeginde, welaýatlarda, etraplarda, obalarda gurulýar. Munuň özi ýurdumyzda toýlara sowgatly barylýandygyny aýdyň beýan edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşleriň, uly üstünlikleriň döwrüdir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen uly ösüşler halkyň buýsanjyna buýsanç goşýar. Bu ösüşler ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikler, milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ylmy esasda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär we täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Kemal TÄÇMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.