Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkyň bähbidine gönükdirilendir. Häzirki ajaýyp döwrümizde pähimdar pederlerimiziň gadymdan gelýän agzybirlik, döwletlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, türkmen halkynyň milli demokratik däplerine, adalatlylyk, döwletlilik, kanunylyk we jemgyýetçilik pikirini nazara almak tejribesine esaslanyp, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak ýörelgesinden ugur alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler.
Mähriban Watanymyzda agzybir hem bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna barýar. Garaşsyz döwletimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy batly depginde ösdürmek ugrunda ýaýbaňlandyran giň möçberli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylan ägirt uly ösüşleri dabaralandyrýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.