Ak mermerli paýtagtymyzy toplumlaýyn ösdürmek, ýurdumyzyň baş şäherinde ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugrudyr. Baýramçylyklardyr şanly seneler mynasybetli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi bagtyýar zamanamyzda ajaýyp däbe öwrüldi. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi ildeşlerimiziň toý şatlygyny goşalandyrdy.
Bu günki gün Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülýär. «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. 9 gatly, her biri 54 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda hem-de enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde döwrebap binagärlik çözgütleriniň peýdalanylyp, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň doly abadanlaşdyrylandygyny hem-de degişli ýol-ulag, inženerçilik-tehniki düzümleriň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek.