Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň we özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde, hususan-da, Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyz Respublikasynda we Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň bölümleriniň 27-si hereket edýär.