Dünýä türkmenleriniň döwletli maslahaty

17 Sentýabr 2024
357

Her ýyl şanly Garaşsyzlyk baýramymyzyň toýlanýan günlerinde gaýry ýurtda ýaşasalar-da, ýürekleri şu topraga örklenen türkmen doganlarymyz eziz Diýarymyzda geçirilýän toý-baýramlara gatnaşmaga, toý şatlygymyzy paýlaşmaga gelýärler. Ine, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem, däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş baýramçylygy bolan döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan türkmen ildeşlerimiziň ençemesiniň gatnaşmagy ählimizi begendirdi.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan hem zähmet çekýän türkmen watandaşlarymyz bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek işi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has hem işjeňleşýär. Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri dünýäniň islendik künjeginde ýaşaýan türkmeni guwandyrýar. Olar eziz Watanymyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşmagy mukaddes borçlary hasaplaýarlar. Dünýä türkmenleri ata Watanymyzyň batly gadamlaryna buýsanmak bilen, milli gymmatlyklarymyzy, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazananlarymyzy Ýer ýüzüne ýaýbaňlandyrmaga öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Häzirki wagtda dünýäniň 14 ýurdunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi hereket edýär. Birleşigiň düzümine toparlaýyn agzalaryň hem-de şahsy agzalaryň, şol sanda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen doganlarymyzyň ýüzlerçesi girýär.

Annaoraz SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.