Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, özümizde ösdürilip ýetişdirilýän miweli baglaryň hasabyna azyk bolçulygyna saldamly goşant goşmak baradaky aladalaryna oba adamlary hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri hem Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginiň Isbaz obasynyň ýaşaýjysy, tejribeli bagban, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Tursunbaý Ýusupowdyr. Tejribeli bagbanyň ýetişdiren bagy tüýs rowaýatlarda tarypy ýetirilýän baglara çalymdaş. Göreniň gözi eglenýän bu bag şeýle bir arassa, ýekeje-de guran şaha ýa-da daragt tapaýmarsyň. Düýpleri hem endigan agardylan. Elbetde, munuň aňyrsynda bagbanyň ýadamazaklygy, zähmete bolan çäksiz söýgüsi ýatyr. Halal zähmeti bilen obadaşlarynyň arasynda uly hormata eýe bolan Tursunbaý bagban bilen miweli baglary ösdürip ýetişdirmek dogrusyndaky eden söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
— Tursunbaý, tüweleme, bagyňyzy synlap, berekediň adam elinden önýändigine ýene bir ýola göz ýetirdik. Şunuň ýaly miweli bagy döretmek üçin nämeler etmeli, şular barada aýdaýsaňyz?!