Tejen etrap merkezindäki Medeniýet öýünde «tegelek stoluň» başynda geçirilen söhbetdeşlik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan guraldy. Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan söhbetdeşlik mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlandy.
«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesi, dürli ugurlarda amala aşyrylan işler, ýetilen sepgitler barada gürrüň edilip, naýbaşy toýumyzyň bosagasynda ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlykly barmakda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine üns çekildi. Çykyş edenler döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ornunyň bardygyny aýratyn belläp geçdiler.