Wagyz-nesihat işleri geçirilýär

17 Sentýabr 2024
269

Tejen etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekilleri bolup, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli sürüjilerdir pyýadalaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini giň gerim bilen alyp barýarys. Etrabymyzyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda ýaş nesliň arasynda guraýan wagyz-nesihat duşuşyklarymyzyň netijeliligini gazanmakda aýratyn tagalla edýäris.

Biraýlygyň badalga alan gününden bäri etrabymyzdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň aglabasynda wagyz-nesihat işleri geçirildi. Olaryň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan mekdep burçlary, diwarlyklar taýýarlandy, orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň binýadyndaky okuw-tälim beriş meýdançalarynda gyzykly çäreler guraldy. Munuň özi ýaş nesliň ýol hereketiniň düzgünleri boýunça düşünjesiniň, sowatlylygynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirdi. «Ýol abat—il abat» diýen ýörelgeden ugur alyp geçirýän düşündiriş işlerimiz sagdyn durmuşyň rowaçlanýan ýurdy bolan eziz Watanymyzyň ak ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagynda örän ähmiýetli bolup durýar.

Berdimyrat DURDYÝEW,
Tejen etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.